Halkyň halanlary

Adam aýtdy:

"Ozallar Saparmyrat zeýrenerdi, wezipä bellänim açgöz, ogry bolup çykýar diýerdi. Indi Wladimir zeýrenýär, şunça açyk işläň diýýän, emma edenoklar, millionlap ogurlanýar diýýär. Saparmyrat ýokarda biri ogurlamasa, aşagyndakylar beýle aňsat, açyk ogurlamaz hem diýýärdi. Elbetde, ol ýokarda diýende, özüni nazarda tutmaýardy. Ogurlyga garşy bolansoňlar, olaryň ikisinem halk gowy görýär. Biri ömürlik boldy, ölenden soň on ýyl geçse-de, yzyndan atam diýip aglaýan az däl. Beýlekisi ömürlik bolmasa-da, bäri ýany. Ýöne ilçilik, olary halamaýanlar hem bar. Arada biri olary halk ogurlyga giň ýol açansoň gowy görýär, bolmasa birwagt birleşip, aýryp zyňardylar diýdi. Kanunda söz, pikir azatlygy kepillendirilen hem bolsa, pikirimi daşyma çykarmadym, emma içimden bu aýdylýana hem ýok diýesim gelmedi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024