Surat

Kelläňi işletseň

Adam aýtdy:

"Kärendeçi diýsinler, hususy önüm öndüriji diýsinler, barybir men batrakdygymy, hojaýynlaryň baýamagy üçin işleýänimi bilýärin. Belki, muny bilmesemem bilmezdim. Emma ýabyň gyrasynda bäş-üç sany kädi çigidini taşlap, ýigrimi-otuz sany kädijik edinmäge-de hakymyň ýokdugyny bilemsoň, köp zady bilmeli boldum. Ýylboýy işläp, çagalaryň bilen aç galsaň, kelläňi işletmeli bolýarsyň. Indi düşünjek bolýaryn, milletiň açlygynyň, garyplygynyň ýa haksyzlygynyň sebäbi köplenç ony ezýänlerde däl, eýsem adamlaryň öz kellesini işletmäge ýaltalyk etmeginde eken."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024