Beýrutlylar we biz

Adam aýtdy:

"Beýrutda adamlar dynç günlerinde 171 kilometr aralykda el-ele berip, zynjyr gurap, korrupsiýa garşy protest bildiripdirler. Bu diňe Beýrutda edilýän zat hem däl. Adamlar, garaz, başga zat edip bilmesler-de, korrupsiýada garşydyklaryny aýdyp galýarlar. Bizde adamlar indi tas ýüz ýyl bäri el-ele berip, zynjyr gurap, seslerini çykarman ýa mümkinçilik bolsa kanuny bozup, ogurlyga, parahorluga goşulyp, berip ýa alyp, korrupsiýa uly goldaw berýärler. Bizde para alyp, ogurlyk edip bolýan ýerde işleýäne düşewüntli ýerde işleýär, hudaý rysgalyny açypdyr diýýärler. Eger biri para alýany, ogurlyk edýäni ýazgarjak bolsa, oňa görip, bahyl, hudaýyň sylan adamsyny sylap bilenok diýýärler. Äri para alsa, para berse, goňşularyna baryp, döwletiň nähili işleýändigini, ondan nähili peýdalanmalydygyny aýdyp, leksiýa berýän aýallar hem bar. Parahor äri bir gün türmä düşse, yzynda puluny arkaýyn sowar ýaly, onuň çykmazlygyny dilýän aýallar hem tapylýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024