Ýaradan (bar bolsaň), özüň gora?!
Adam aýtdy:
"Taňrym, ýer ýüzündäki garyp-pukaralyklaryň, açlyklaryň we horluklaryň, ezişleriň we yzagalaklyklaryň ählisi syýasy mesele, olaryň gözbaşy ikiýüzli adamlar, betbagtçylygyň senden gaýdýanyna hiç wagt ynanmaryn. Din-iman azatlygynyň, ynanç azatlygynyň, söz, pikir aýtmak ýa beýan etmek azatlygynyň tarapynda bolan bolup, öz pikirine ýa bähbidine garşydyr öýden bir sözlemini ýa sözüni däl, harp aýdan adamy sem etmek üçinem hiç namartlykdan gaýtmadyk, gaýtmaýan we gaýtmajak adamlardan özüň gora, ýaradan?!"