Kim kimden gowy?
Adam aýtdy:
"Sowet döwleti ýykylan uçurlarynda, gurplurak garyndaşymdan karz alyp, jaý satyn aldym. Ol, il içinde aýdylyşy ýaly, gowy ýerde işleýärdi. Üç ýyldan soň, diýen wagtymda, berimi bermek üçin toplan pullarymy jemläp, yzyna eltdim. Ýogsa, artykmaç zadymyz ýokdy, gyssansak, ýene birinden karz sorarys-da diýdik. Agşamlykdy. Är-aýal bizi, pul soramaga baramyzdaky ýaly, güler ýüz bilen garşy aldy. Alan pulumyzy taňryýalkasyny bilen yzyna berdik. Döwletiňiz artsyn, puluňyz gözümize degdi, üç otaglyja jaýymyz bar indi, çagalarymyz öz işigimizden girip-çykýar, myhman çagyryp bilýärsi, eliňiz-gözüňiz dert görmesin diýip, aýalym alkyş etdi. Är-aýalyň gözleri tegelendi. Olar bize geň galyp seretdiler. Birsellem hiçisi gürläp bilmedi. Ahyry aýaly dil açdy: duruň, duruň, siz taňryýalkasyn aýtmaň, biz aýdaly, size taňryýalkasyn diýdi. Bu gezek biz gözlerimizi tegelemeli bolduk. Aýalym ikimiz bir-biregiň ýüzüne soragly seretdik. Garyndaş aýal sözüni dowam etdi: Nijeme adama ýöne berdik, karz berdik, yzyna gelen wagty bolmady, taňryýalkasyn aýtmak beýle-de dursun. Içinde garyndaşam bar, ýöne tanyş ýa obadaşam bar, hemmesi dil düwşen ýaly. Puluňyzy berip bilemizok, biraz garaşarsyňyz-da diýselerem göwnümiz bitjek, emma arada wagtynda üzülişmek gürrüňi hiç wagt bolmadyk ýaly. Gaýta, köçede ýa toýda-ýasda öňümizden çyksalar, özümiz utanýarys. Siz alan puluny yzyna wagtynda getiren birinji maşgala, nähili maşgala siz, nirede terbiýe aldyňyz, beýle adamlar şindem bar oguşýan... Gowy ýerde işleýänler soň adatça türmä basylýar, emma ol garyndaşymyz tutulman-basylman galdy. Ony, doganlaryny başga bir türmä basylan uly adam bilen guda-garyndaşlygy üçin işden aýyrdylar. Ol şindem maňa duşanda, her gezek şol puluny yzyna berenim üçin taňryýalkasyn aýdýar. Beýleki pul alanlaryň, dükanjyk, iş açynyp, biraz elleri giňese-de, pullaryny bermek barada pikir etmändiklerini, sorap hem hem alyp bilmändigini ýatlaýar. Soň görüp otursam, türmä basylan uly adamlaryň garyndaşlary, tanyşlary, pul karz alan bolsalar, ol bendeleriň türmeden çykmazlygyny, şol ýerde galmagyny dileýän ekenler. Duşmanyň bolmasa, dostuň ýa garyndaşyň bilen duşman bolmak isleseň, pul karz ber diýenlerini bir ýerde okapdym, ýöne edil beýle-beýle zatlar bardyr öýtmeýärdim. Ozal eli bol bolan bir tanşym meniň bu ýöntemligime güldi. Adamlar ýokaryk çyksaň, seni her işde ulanjak bolar, puly ýöne berseň ýigrener, karz berseň söger, sebäbi olar seniň pully bolmagyňy bagyşlap bilmez, wezipäňden aýrylsaň, ilki doganyň, dostuň begener diýdi. Men indi gowy ýerde işleýänleri günälejegimi-de, erbet ýagdaýda ýaşaýanlara hossarlyk gözi bilen garajagymy-da bilip bilip bilmeýärin. Kim-kimden gowy diýleni boldy."