TW hyzmaty

Adam aýtdy:

"Sowet döwründe-de häkimiýetler tarapyndan saklanan adama belli bir möhletde günä bildirmek, ýagny onuň tussaglykda bolmagynyň kanuny esaslaryny, nähili düzgünleri bozandygyny, näçe ýyl aljagyny-beýlekini düşündirmek diýen ýaly düzgünler bar eken. Ýogsa olar öň ýanyndan özleri bilen ylalaşmadyk adamlary, hiç bir kanunsyz, aşakdan we ýokardan gyryp ýören adamlar. Olar 1930-njy ýyllardan 1950-nji ýyllara çenli nämeler etmediler? Ýazylan kanuna görä, eger seni tutup saklasalar, aklawçy tutmaga hem hakyň bar. Ol aklawçy seniň işiň barada diňe garyndaşlaryňa däl, metbugata hem maglumat berip bilýärler. Muňa ikiýüzlülik diýjekmi, ýa başga bir zar, öz işiňiz. Emma indi hezil, sen tutulmankaň hem, tutulaňdan soň hem hiç bir hukugyň ýokdugyny, kanun diýilýäniň iň kiçi wezipeli döwlet işgäri üçinem köwüş süpürilýän esgiden gowy däldigini bilýärsiň. Diýmek, kameranyň öňünde aglap toba et diýseler, aglap toba etmeli, çärede janly diwar bolup gül diýseler, gülmeli! Pagta bazasyndan pagta satyn alyp, döwlet tabşyrygyny doldurmak üçin aýlygyňdan pul ber diýseler, pul bermeli! Bu zatlary indi ak sakgally gojalar, ak gyňaçly ejeler däl, çagalaram bilýär. Sag bolsun döwlet telewideniýesi, düşündirme kemini goýanok."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024