Düşündirmezlik karary
Adam aýtdy:
"Ýurtdan çykyp gaýdanyma kän ýyl geçdi. Arada öňki kärdeşlerimiň biri, ömür halymdan habar almadyk ildeşim hat ýazyp, menden dünýäniň aýratyn alnan bir böleginde, bolmanda kiçijik bir ýurtda adalatlylygy dikeltmegi talap etdi. Sebäbi bu oňa öz etjek işlerini edip bilmegi, adam bolup ýaşamagy we ölmegi üçin gerekmişin. Onuň pikiriçe, meniň bar ýerimde beýle zatlara ýol berilmegi akyla sygjak zat dälmişin. Men oňa näme jogap berjegimi bilmedim. Bir göwnüme, ýok, bu bir adama, on adama başartjak zat däl, sebäbi aýratyn alnan bir ýurt diýen zat ýok, ol uly dünýäniň diňe bir bölegi diýip, ýagdaýy düşündirjek bolmak geldi. Ikinji tarapdan, beýle hat ýazýan adama, özi busmagy saýlan pursatparaza näme düşündirip biljegime şübhelendim. Ahyrynda hiç zat ýazmazlyk kararyna geldim."