Namart döwlet
Adam aýtdy:
"Döwlet namart bolanda, ýokardan aşak, aşakdan ýokaryk, durşuna hapa çümýär. Ony arassalap biljek ýa arassalajak bolýan hem aňsat-aňsat bolmaýar. Duza gaçan şor bolar diýleni, oňa gaçan azýar. Sebäbi ýurduň ýalançylyk, kezzaplyk bilen dolandyrylýandygyny tas hemme kişi bilýär. Adamlar bu şeýle bolmalydyr öýdýärler we para-peşgeş berip, ýamandan boýlaryny satyn almaga, depegenden daşrak bolmaga çalyşýarlar. Sebäbi sowetler olara munyň şeýle bolmalydygyny ynandyrmagy başardy. Olar ilki özlerine garşy gidenleri ýa garşy gidip biljekleri ýok etdiler. Soň köp adam uruşda öldi. Atam pahyr uruşdan maýyp bolup gelip, bir ýyldan ölüpdir. Emma eneme adamyň uruşda ölmese, saňa onuň peýdasy ýok diýipdirler. Pahyr dört çagany ýeke özi ulaldyp, adam edipdir. Pensiýa çykanda, 16 ýyl kolhozda işlänini hasaba almandyrlar. Dürli bahanalary tapypdyrlar. Pahyr, 84 ýaşady, ýöne kolhozda ekine suw tutup, guragyryly bolanym biderek boldy, pensiýama goşmadylar diýip, otursa-tursa zeýrenerdi. Döwlet almaga ökdedir, ömrüňi soraman alar, emma bermeli bolanda namartdyr diýerdi. Ölenden soň sandygyny gördük, atamyň, erkek doganynyň uruşdan ýazan hatlary bilen II Jahan urşundan soň ilatyň boýnuna dakylan zaýomlar, gymmatly kagyzlar çykdy. Indi-indi düşünýärin, namart döwlet näçe ýaşasaň-da, seniň we seniň çagalaryň başyňdan inen musallat eken. Ondan gowulykdan başga hemme zada garaşyp bolar, diňe gowulyga garaşmaly däl."