Geregi
Adam aýtdy:
"Onlarça million adamyň gyrylmagyna, onlarça million aýalyň dul galmagyna, onlarça million çaganyň ýetim ösmegine, ýurduň elli-altmyş ýyllyk yza galmagyna sebäp bolsa-da, henizem Stalini atasy hasaplap ýörenler bar. Emma bir gowy zat, indi täzeden iki-ýeke dikýän bolsa-da, Nikita Hruşewiň tankydyndan soň onuň heýkellerini ýykdylar. Emma Saparyň heýkelleri hem ýykylmady. Ýogsa onuň öz halkynyň garşysyna turzan geroin urşy zerarly ir giden ýigitleri, dul galan aýallary, ýetim galan çagalary ýatlamamyzda hem, bir öýde üç-dörde çenli durmuşa çykman oturan ulugyz bar. Diýmek, gerek deregi ýykar diýleni, Stalin, Sapar ýaly adamlara, olary ata edinýänlere il-günüň abadançylygy gerek däl, ejizligi, tabynlygy gerek."