Täze tejribe

Adam aýtdy:

"Yzdan gelýän nesiller sowet adamlary ýaly biparh, bigeleň we bigäne bolmazlar, eden we etjek bolan işlerimize düşünerler, ýazan zatlarymyzy okarlar diýdik. Emma kesekileri beýle-de goýaly, öz inilerimiz we uýalarymyz hem ýazan zatlarymyzy okamady, näme üçin ýazanymyzy, nämä ýananymyzy biljek bolmady. Olar asla biziň näme işläp ýörendigimizi, näme üçin türmä basylandygymyzy hem bilmeýän ýaly. Sebäbi olar köplenç türme basylanyň hemmesi ýa neşe satan, ýa-da para alan resmi bolmaly diýip pikir edýärler. Olaryň gören-eşideni diňe şeýle adamlar diýen ýaly. Has dogrusy, olar hakykat näme, hakykaty ýazjak bolmak näme, hakykat üçin ýurtdan gaçgak bolmak näme, bilmeýärler. Sebäbi hakykat üçin dyrnagyna dözýän adam ýok, hemme kişi diýen ýaly, alaryny tapsa, allasyny tanamaýar. Ýöne olaryň başga bir zada akyllary ýetýär: eger-de gidenleriň biri birden saý-sebäp bilen yzyna, birki hepdelik görme-görşe gelse, ony walýuta çykarylýan bankomat hökmünde ulanjak bolmaly!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024