Gowulara gynanýaryn
Adam aýtdy:
"Men ozal ähli adama gynanardym, olar mundan gowurak prezidente we polisiýa mynasyp diýerdim. Indi olaryň köpüsiniň bu prezidente ýa häzirki polisiýa hem mynasyp däldigi, olaryň çagalarynyň şu gatnaýan mekdepleriniň hem kändigi, ýa olaryň häzirki içýän agyz suwlarynyň hili, köçeleriniň ýagdaýy bilen hem ylalaşýaryn. Ogullaryny ýa gyzlaryny para berip salýan ÝOJ-larynda berilýän bilimiň ýagdaýy hem özleri üçin bolýar diýip pikir edýärin. Olaryň çärä gatnadylmagy, sowukda ýa yssyda janly diwar edilmegi, döwlet TW-sindäki boş ýa ýalan gürrüňlerden başga diňläre zat tapmazlygy, mejbury zähmetiň pidasy bolmagy hem azaryma däl. Sebäbi olar oňa aňyrýany bilen mynasyp. Ýöne bu agyr ýagdaýa düşýänleriň içinde gowy pikirli we gowy niýetli, gowy ýürekli adamlar-da bar, gowurak durmuşa mynasyp bendeler-de bar, köp däl, ýöne bar. Olar köp boş adamyň arasynda bogulýarlar, ölýärler. Dogry, beýlekiler hem ölýärler. Emma meniň gözüme olaryň ölümi hem ilenok, gowularyň ölümi ilýär. Ana, şolara welin şindem gynanýaryn."