Taýagyň iki ujy
Adam aýtdy:
"Biz taraplarda žurnalist bolup türmä düşseň, köplenç eden dogry işleriň üçin ötünç soramaly, indi gaýdyp häkimiýetlere dil uzatmajagyňa söz bermeli. Şonda türmeden irräk hem abadrak çykmagyň mümkin. Ýöne muny seniň hemme okyjyň bagyşlap bilmez. Olaryň käbiri seniň häkimiýetleri has kän tankytlamagyňy, hatda olar barada paýyş sözleri ulanmagyňy, şahsy hüjüm, adam mertebesini kemsitmek derejesine çenli aşak düşmegiňi, diýmek, öz mertebäňi hem peseltmegiňi islär. Ýogsa, sen olaryň gözüniň öňünde dönük-beýleki hem bolup bilersiň. Emma her kişiniň jübüsinde pul bolmak, ýa her urjaga el, her gargajaga dil bolmak bilen žurnalistlik, ýazyjy-şahyrlyk bir ýere sygmaz. Onsoň käte seni professional işiň üçin ýigrenen häkimiýetler bilen professionallykdan çykmanlygyň üçin ýigrenýän okyjylaryň arasynda uly tapawut hem bolmaz. Diýmek, sen özüňi häkimiýetlerden goraýşyň ýaly, käte okyjydan, beýleki bozgaklardan hem goramaga mejbursyň."