Ömrüňi aýa

Adam aýtdy:

"Hakykat görjege garaňky gijedäki aý ýaly görnüp durandyr. Görnüp duran zady görkezjek ýa düşündirjek bolup köp söz zaýalama, fakt toplap ýa getirip, wagt ýitirme. Isleseň, diňe pikiriňi aýt, soňra reaksiýa seret, sorag berseler, soragy ýerlikli tapsaň, jogap berjek bol, ýogsa-da dym. Sözüňden ýa pikiriňden many çykarjak "ç" harpyndan "çaý" diýilýänini aňar, many çykarmajak bilbil bolup saýrasaň-da diňlemez ýa düşünmez. Saňa näme? Mugt berýän malyňdan ýüz öwürýänler bilen nähili baglanyşyk ýa gatnaşyk gurjak? Wagtyňy tygşytla, ömrüňi aýa, özüne bigänä wagt sarp etmekden beter özüňe bigänelik bolmaz."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024