Kommunist-demokratlaryň rekordy

Adam aýtdy:

"Gazak metbugaty respublikada hakyna tutulan daşary ýurtly işçileriň zähmetleri üçin hak tölenende, 500 çemesi deňsizlik faktyna ýol berlendigini habar berýär. Gazagystanyň regionlarynda gazak we daşary ýurt işçileriniň arasynda ýygjamlaşan zähmet konfliktlerinden soň 50 çemesi kärhanada geçirilen derňewler zähmet we migrasiýa kanunçylygynyň bozulmagynyň 791 faktyny, şol sanda zähmete hak tölenilişindäki we baýrak berlişindäki deňsizlik faktlarynyň 476-syny ýüze çykardy diýip, ilaty zähmet we durmuş taýdan goramaly ministr aýdýar. Bu diňe Gazagystanda edilýän zat däl. Kommunist ýolbaşçylar diňe kommunizm "guran" ýyllarynda däl, kommunizm ýykylandan soňam ýerli adamlaryň mertbesini basgylamagyň görülmedik nusgalaryny görkezdiler. Olar şu meselede hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilse bolardy."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024