Adalat meselesi

Adam aýtdy:

"Metbugat habarlaryna görä, Çeçenistanyň lideri töwereginde düýp tutan resmileri silkeleýär, türmede gynap, toplan baýlyklaryny elinden alýar. Geň görmedim. Sebäbi öňräk Saud Arabystanynyň täç geýdirilen şazadasy hem şunuň ýaly reforma geçiripdi. Belki, bu taryhda ýa şu günlerde başga ýerlerde bolmadyk zat hem däldir. Sebäbi awçy awçyny daşdan tanaýar, kimde näçeräk baýlygyň toplananyny görüp durkaň, özüňden gorkmazlyk ýa-da nebsiňi şaglatman durup bilmek aňsat iş däl. Ýöne bu musulmançylyga näderejede gabat gelýär, bilmedim. Sebäbi Muhammet pygamber Mekgeden Medinä gaçanyndan soň, aýdylmagyna görä, ilkinji kerwen urmaga iberen adamlaryndan başlap, talanyp alnan oljany özara deň paýlaşmak düzgünini ýola goýup, şu "adalatlylygynyň" arkasyndan hem tarapdarlaryny köpeldipdir. Bu düzgüniň bozulmagy ozal bilelikdäki talaňçylyk arkaly berkän liderleriň tarapdaryny köpeltmän, bolmanda uzagyndan kemeltse gerek. Ýöne olaryň töweregindäkileriň bikanun baýap gidip oturmagyna göz ýumup, öz elleri bilen özlerine güýçli garşydaş döretmegi hem akyldan däl. Garaz, bu dünýede diňe garamaýak halkyňky däl, hökmürowan talaňçylaryň hem işi kyn. Adalat bozulsa, her ýerde bolsaň-da, gaty ägä bolmaly."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024