Ahlak meselesi

Adam aýtdy:

"Mekdeplerde ýaş gyzlaryň ahlak keşbini gowulandyrmak ugrunda tagalla edýärler... Emma milletiň liderleriniň - häkimiýet we hökümet başynda duran adamlaryň, häkimlerden arçynlara çenli ýolbaşçylaryň ählisiniň, kanun çykaryjylaryň we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän resmileriň, medeniýet, sungat, magaryf, metbugat işgärleriniň ahlak keşbini düzetmän, halkyň hiç bir gatlagynyň ahlak keşbini gowulandyryp bolmaz. Sebäbi uly eşekden kiçi eşek ... iýmegi öwrenýär, balyk başyndan porsaýar. Özüň ogry-jümri bolsaň, çagaňy hukuk fakultetinde ýa diplomatiýa ugrundan okadyp, göze çöp atyp bilseň-de, gaty uzaga gidip bilmersiň. Ýa-da sen uzak saklansaň, il iş gözläp, has uzaklara gitmeli bolar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024