Il aglak bolsa
Adam aýtdy:
"Başlygymyz Mekge-Medinä haj zyýaratyna gidende, bolmanda azajyk gowulanar, toba geler, ýüregi ýumşar diýip umyt etdik. Emma ol öňküsindenem beterläp geldi: Saud Arabystanyna gitmänkä diňe ejemizi, bajymyzy goýman sögýärdi, indi çagalarymyza hem geçýär. Bagtymyzyň ýatan ýeri, işini ýitirmejek bolup, gaýtargy bermekden geçen, bir adam ýüzüni galdyryp bilenok. Çagamyza sögdürip, çaga ekleýäris."