Putinçilik we biz
Adam aýtdy:
"Nowaýa gazetany" okaýaryn. Ýuriý Danilow diýip bir alym Orsýetiň makroykdysady ösüşi hakynda çap edilýän staistiki maglumatlara syn salyp, sowet döwrüniň anekdotyny ýatlaýar. Ol anekdotda dürli döwürleriň sowet liderleriniň demirýol relsleri gutaryp saklanan otlyny ýöredişi barada gürrüň berilýär. Stalin: Maşinisti atmaly, ýolagçylary tussag etmeli we otludan düşürmeli, goý, olar otlyny mundan aňryk ellerinde göterip gitsinler. Hruşew: Yzdaky relsleri söküp, otlynyň öňüne düşemeli. Brežnew: Tutulary ýapmaly, otlyny yrgyldatmaly. Danilow häzirem şeýle ýagdaýyň emele gelendigini, çap edilýän sanlar bilen durmuş hakykatynyň gabat gelmeýändigini aýdyp, SSSR-iň ýykylmagynda şol döwrüň statistiki maglumatlarynyň galplaşdyrylmagynyň öz roluny oýnandygyny ýatladýar. Soňundan bolsa, bu hili döwlet nirä geler diýip soraýar we özi özüne jogap berýär: Gowy bolanda – çuň batgalyga, erbet bolanda – dargap ýok bolar. Putiniň döwleti hakynda muny aýdyp bolýar, bizde beýle pikiri kelläňe getirmek hem howply. Emma biziň ýagdaýymyz putinçilikden beter bolmasa, gowy däl."