Üstünlikli iş
Adam aýtdy:
"1985-nji ýyllarda bolsa gerek, ýaş ýigitleriň arasynda daş ederin, daş ederis, daş edip goýber diýen ýaly ozal, sowet ýyllarynda kän ulanylmadyk täze aňlatma, ynamly söz düzümi köp ulanylyp başlandy. Bu aňlatmany käte gyzlar hem ulanýardy. Dilçileriň käbiriniň düşündirişine görä, daş etmek aňlatmasy erkek adamyň jynsy organynyň belli bir ýagdaýdaky gylyk-häsiýeti, ýagny jynsy işini ýerine ýetirmäge näderejede taýýarlygy bilen bagly. Ýöne soňky ýyllarda bu aňlatmany ulanýan gyzlar däl, oglanlar hem azaldy. Indi 15-35 ýaş aralygyndaky erkekler bilen gürleşeňde, obadaky garry aýallar bilen gürleşen ýaly bolýarsyň, olar nesip bolsa, alla ýol berse, hudaýa şükür, alla gorasyn diýen ýaly sözleri we söz düzümlerini köp ulanýarlar. Türkmen häkimiýetleri, tüweleme, watan goramaly ýigitleri meni urany hudaý ursun diýip oturan nalajedeýin adamlara öwürmek wezipesini üstünlikli ýerine ýetirene meňzeýär."
2.10.10.