Dostoýewskiniň gahrymanlary we biz
Adam aýtdy:
"Kakam dil-edebiýat mugallymydy, kitaby kändi. Lew Tolstoýyň "Anna Karenina" romanyny ýaş oglankam okadym. O wagt 28 ýaşyndaky Anna Kareninanyň, özünden has ýaşuly adama durmuşa çykan bir çagaly gelniň 23 ýaşyndaky ofisere aşyk bolup, özüni otlynyň aşagyna oklamagynyň sebäbine hiç düşünip biljek däldim. Ýöne Tolstoýa uly ýazyjy diýseler, ynanasym gelýärdi. Sebäbi öýümizde, kakamyň kitaplarynyň arasynda Fýodor Dostoýewskiniň kitaplary ýokdy. Netijede, Dostoýewskiniň kitaplaryny has giç, Moskwada gaçgaklykda ýaşaýarkam okadym. Tolstoýyňky ýaly, bir gezegem däl, käsini birnäçe gezek okadym. Onuň "Jenaýat we jezasy", hususan-da bu eserde ýetde-gütdelikden aljyrap, birden iki adamy öldüren, meýhanada sataşan çala tanşynyň yzynda galan maşgalasyna dözmän, ejesiniň eden kömeginden geçen baş gahrymanyň berenje puluny merhum üçin sadaka bermäge, bigäneleri naharlamaga we içirmäge harçlaýan aýal, onuň düşen güni ýadyma düşende, näme üçindir, iýjegi gaýgy halyna mal öldürip, birnäçe görnüşli nahar bişirdip, uly hudaýýoly berýän, köp adamly toý tutmakda ýaryşýan sada watandaşlarym göz öňüme gelip, başym aýlanyp gidýär."