Pikir-düşünjäniň köki

Adam aýtdy:

"Belki-de Moskwada, merkezinde ýaşanymdan, gürrüň edip ýörmesem-de, Ýelsiniň kimdigini, Putiniň kimdigini, öňki imperiýanyň olar sebäpli nä günlere düşenini, özümçe, gowy bilýärin. Ýöne aýda-ýylda Aşgabada, soň oba barsam, çopançylykdan pensiýa çykan garry agam hem Orsýetde bolýan zatlara, bu ýurdy öňki kommunistleriň açgözlüginiň getiren ýerine gowy düşünýär. Emma arada özüni halkyň erki, azatlygy ugrunda göreşiji hasaplaýan, on ýyldan gowrak Günbatarda ýaşaýan bir türkmen bilen gürleşdim. Ol Putini gorap, tas meniň bilen urşupdy. Görüp otursam, onuň bar pişesi ýykylan imperiýanyň harabalarynyň aşagynda galmajak bolup, Günbatardan okuw, iş gözläp barýan gyzjagazlary aldamak eken. Ol ýa-da beýleki zada garaýyş, belki-de, diňe ýaşaýan ýeriňe, elýeterli bolan habar serişdeleriňe däl, ýüregiňe, niýetiňe bagly bolarly."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024