Güýçliniň keseli

Adam aýtdy:

"Ozallar hudaýdan il bilen bile saglyk, beglik, özüme hem neberäme soňy gelmez döwlet dilärdim. Emma 90-njy ýyllardan bäri hudaýdan maňa dikuçar bermezligini dileýärin. Sebäbi menem dikuçara münsem, şäheriň ýokarsyndan aýlanyp, adamlaryň öýlerini ýykmak islegi bilen kesellärin öýdüp gorkýaryn. Sebäbi enem pahyr aýal doganynyň ministr ogly işden aýrylyp, türmä basylanda, soň onuň şäheriň iň gowy ýerlerindäki jaýlary ýykylyp, ogullary, agtyklary köçede galanda köp aglady. Görüp otursam, enemiň aýal doganynyň adamsy ýaşlygynda bolşewige nöker bolup, Sibire sürgün edilen baýlaryň talaňa salnan öýlerindäki dürtgüçlerine, repidelerine çenli öýüne daşaýan eken..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024