Basybalyjy tagmasyna ygrarlylyk
Adam aýtdy:
"Gürletseň, adam hukuklary, söz azatlygy üçin göreşýän azam däl. Emma eline galsaň, bir wagt aýryp zyňan basybalyjy tagmaňy – ataň adynyň yzyna zor bilen dakylan "owuňy" ýa"ýewiňi", "iç-wiçiňi" özüňden soraman, yzyna getirip dakarlar. Nämemiş, olaryň özleri aýyrmasa, başgalaram basybalyjy tagmasyny aýyrmaly dälmiş. Megerem şundan, adamyň aýdanyna däl, edenine bak diýýärler."