Alada
Adam aýtdy:
"Ozal don geýmedik pahyr... Birsellem maýmyn boldy. Indi maýmyn bolmaga-da ýagdaýy ýok bolara çemeli. Gedaýçylyga-da gurp gerek diýleni-dä. Başy bolan zadyň soňy hem bolýar. Ýöne bu tetelliler otdan-suwdan geçip, Çingizden we Stalinden gutulyp, şu güne gelen milletiň soňuny golaýlatmasa ýagşy."