Milli göçüm

Adam aýtdy:

"Arada goňşym bilen bagyň kölegesinde küştoýnap otyrkam, onuň uly ogly gelip, kakasyndan pul sorady. "Git, ýok bol, pul bererinmi men saňa? Bar, gaýynlaryňdan al!" diýip, goňşym onuň ýüzüni aldy. Ogly ýüzüni sallap gidensoň, "puluň bolmasa, ýok diýämelidiň-dä, oglanyň gaty ýüzüni aldyň" diýip, goňşyma igenjek boldum. "Ýok, şeýtmeseň bolmaz muny, süpük neşekeş sypaýyçylygy bilmez" diýip, goňşym gaharly hüňürdedi. Men onuň oglunyň agzynyň arassa däldigini eşidipdim, ýöne "süpükdigini" bilemokdym. "Be, bu ýaşda haçan süpük bolup ýetişdi, birküç ýyllykda mekdebi gutaran badyna öýerip ýördüň-ä" diýip, geňirgenip soradym. "Mekdepde öwrendi bi, şondan, bilinmänkä diýip, gyssanyp öýerdik. Hana, indi eýýäm iki çagasy bar" diýip, goňşym gaharyny unudyp, ýaz bolup ýylgyrdy. "Nämä begenýäň, oglum süpük neşekeş diýip oturanyň ýaňy dälmidi?" diýip, men onuň begenjine düşünmändigimi aýtdym. Ol bu gezek ýylgyrman, hikirdäp güldi: "Düşünmez ýaly näme bar bu ýerde? Özüňem küşt oýnaýaň. Wagtynda öýerip ýetişenime, aladany başdan sowanyma begenýän, neşekeş oglumyň çagalarynyň bolanyna begenýän, indi gelni gyrnak ýaly hyzmatynda durar, çagalaryny we ärini eklejek bolup ölenini-galanyny bilmän işlär, bolmasa ene-atasyndan kömek sorar. Oglum ölse, ojagyny saklap, çagalaryny ulaldar. Eger öýermedik bolsam, doganlarynyň içinde seretjek ýok oňa. Meniň özümem seretjek däl, neşekeş ataňam, ogluňam bolmasyn." Men gyssanmaç ogul öýermegiň bu tarapy barasynda ozal hiç wagt pikir etmändim."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024