Derwüşiň işi
BMG-niň medeni guramasy siriýaly žurnalist we hukukçy aktiwist Mazen Derwüşi Metbugat azatlygy baýragy bilen sylaglady, ol üç ýyldan gowrak wagt bäri Damask režiminiň türmesinde otyr.
Derwüş 2012-nji ýylyň 16-njy fewralynda, Siriýanyň Metbugat we söz azatlygy merkezinde bile işleýän kärdeşleri Hani Zaitani we Hussein Ghreir dagy bilen bilelikde tussag edildi. Olar "terrorçylyk hereketlerini wagyz etmekde" aýyplandy.
"Men Siriýanyň häkimiýetlerini ony we kärdeşlerini azat etmäge çagyrýaryn" - diýip, UNESCO-nyň baş direktor Irina Bokowa Latwiýada, Bütindünýä Metbugat azatlygy gününiň dabarasynda aýtdy.
Derwüş syriaview.net-i, Siriýanyň häkimiýetleri tarapyndan 2006-njy ýylda gadagan edilen garaşsyz habar saýtyny esaslandyryjylaryň biridir.
UNESCO Derwişi onuň Siriýada on ýyldan gowrak şahsy pidakärlik, syýahat gadaganlygy, ýanalmalar, şeýle-de gaýta-gaýta tussaglyk we gynalma astynda alyp baran işi üçin sylaglady.
Derwişiň aýaly Ýara Bader ýanýoldaşynyň adyndan oňa berlen baýragy kabul edip, bu baýragyň diňe Maziniň öz işine ünsi çekmek üçin däl, eýsem häzir Siriýada diňe pikirini açyk aýdany üçin türmä basylan "ýüzlerçe" adamyň ykbalyna ünsi çekmek nukdaý nazaryndan möhümdigini aýtdy.
"Mazen özüni tas ölýänçä gynan adamlary bireýýäm bagyşlady" - diýip, Bader onuň öz baýragyn, azat Siriýada kemala gelmeklerine umyt edip, çagalaryna bagyşlandygyny habar berdi.
(AFP-niň maglumatlary esasynda ýazyldy.)