Gezekli çemçe
Ata çykan oglan ol,
has dogrusy, çykarylan,
mündürilen göterilip,
tutup iki elinden berk,
seresap bol, ýykylaýma,
ýapyş diýip eýeriňden,
ýerde duran kakasy zor,
jylawlap dur bedew aty,
alyp gaçmaz ýaly oglun,
belki, diňe oturmaly,
düşmeli däl düş diýýänçä,
mündürýänçä başga birin,
kakasynyň ogly häzir,
belki, ertir gyzy geler,
alar aty doganyndan,
bilip bolmaz bolar neler,
bu durmuşda kändir oýun,
ol kösemez diňe çynyn
aýdyp bilýän gerçekleri,
ýurtdan aýryp, gan agladyp,
ýitirende ezizlerin,
adam başy daşdan gaty,
it wepadyr, emma kimler,
gezek gelse, münmez aty...