Ylahy energiýasy
Bu bir güýçdür, energiýa
ylahydan gelýän, dolýan
üsti günde, hepde, aýda,
ýogsa gara ýygyn, alan
il-ulusy ýesir birçak,
gepletjek däl bir adamy
agzyn açan bolsa gyrjak,
emma biraz susan ýaly,
dilin açýar ýene millet,
bu bir güýçdür, energiýa,
ata-baba gelýän, dolýan
üsti ýylda, ylahydan,
diýmek, bizi goraýar ol,
içden dömen ýaralardan,
garalardan päl-niýeti,
görüp gökden men-menlere,
belki, günde gülýär Alla,
açgöz, ogry ýurdumyzy
üç-dört emläp jübä saldy,
tonna-tonna boldy pully,
ýatan bolýan ýatsyn, ýitsin,
bolmaly dek bolmasyz zat,
bize iliň ak umydy,
arzuwlary berýär kuwwat,
doga edýär naçar ene,
ýöne, belki, gargyş siňen,
ogryň gözi has aç ýene...