Il agysy

Çapyp barýan atdym, belki,
baglajakdym aýlawlary,
namart döwlet urdy ýüze,
ot syçradyp gözlerimden,
soň çagyrdy ýazyjydyr
şahyrlaryn, ady belli,
uruň diýip, diýip dalaň,
ýeke-ýeke çyk diýilse
meýdanyna ala, Alyň,
het etmejek biri, Alla,
nämeleri diýdi, ýazdy,
soň tas bary öljek gedaý,
öz-özüne gabyr gazdy...

O birisi, şa şahyrmyş,
ýazyp berlen setirleri
okamagy başarmaýan,
bukulsa-da müň bir perdä,
sözi ýüzün ýaşyrmaýan,
aglan bolup, gülen bolup,
ili oýnap, gallaç goýan,
bermäň diýip gowy aýlyk,
kim-kim bilen halky soýan,
gitdi, galdy çukurlary,
millet bilen içindäki,
agzy hapa, sögünýän kän,
gynanýaryn ejesine,
nirde galdyň, gözel ilim,
çaman düşen bijesine...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026