Sapar sapagy
Sen olaryň mantygyny gözleme,
ýok olarda hiç logika, haýa-da,
ýa-da diýme name üçin ýitirjek
hiç bir zady galmadyk dek, biçäre,
Sapar Seýit, ýa Nazarow Muhammet,
Gurbanbibi, Allamyrat, beýleki,
depeledi kanunlary, bilse-de,
çünki Sapar, bükgüldili aňyrsy,
akylly däl, arassa däl, hemişe
iň aýyply adamlary gözledi,
bile-göre işe aldy olary,
ýa bilimli adamlary bilkastdan
itekledi akyly bar adamyň,
ahlagy bar adamlaryň etmejek
işlerine, elin gana boýadyp,
gelmez ýaly birden yzyna gaýdyp,
düşündi ol, düşünjeli adamlar,
düşünse-de edýän agyr jenaýat,
galýar baky ysmaz bolup elinde,
gitjek ýeri ýok egsigiň, iň soňky
çörek tapan ýerin saklajak bolup,
galjak bolup iliň biri, il-ulus
tanasa-da, aňsat gelmez ýüzüne,
ýa-da diýjek Allaň işi bu zatlar,
çäre ýok-da ýazylana, boljaga,
jähenneme gitdi olar, yzynda
sapak goýup oýlanjaga, aljaga...