Gynanç gülküsi

Garyplykda öldürilýän milleti,
ýüz ýyl bäri, ne erki bar, ne berki,
galalary däri goýup ýarylan,
gark edilen kanalynda öň, ozal,
galanlary Garagumda gyrylan,
garyplyk hakynda goşgujyk ýazyp,
aýtman onuň gelýänini nireden,
ýa-da kimler gitdi çukuryn gazyp,
dil tansynyň arkasynda gezlenip,
gowy zat däl diýip baýlygam, walla,
sakla diýip onuň şertinden, Alla,
güýmän bolma, kemakyl däl garyplar,
olar diňe pulsuz, düşünýär seniň
edýän oýnuň öňem oýnaldy telim,
Kerim Gurbannepes, Berdinazarlar,
ili oýnan bolup, jübüsi pully
ýaşadylar, şahyr bolup öldüler,
düşünmeýän düşünenok şindi hem,
düşünýänler gynanç bilen güldüler...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026