Garyplyk synagy
Garyplygy getirip,
beterledip ýylba-ýyldan,
has köpeldip ýoksullary,
ýetim-ýesir çagany,
dileg edýän köçede,
aýallary, dul galan,
mejbur edip agyr işe,
aýralyga ýurtdan, belki,
itererler her sagat
pikir-oýa, hasaply,
bilip, ýeser adamlar,
öwen bolýan başlygy,
palta berip eline oň,
saldyrýan dek aýagyndan,
garyp bolan köpeldikçe,
köpeldikçe aç oturan,
baý ogly, däl, beg ogly däl,
garyp-gasar güýçlener,
el-aýagy gara işde,
howply bolar ýoksul nesil,
kelle işlär, ýitileşer,
kütekleşmez kösendikçe,
pikir eder olar agyr,
maýyp bolup galmaz ýaly,
bolmaz ýaly çagasy aç,
gaýgysyny eder ertäň,
birigünüň, sabyr hakda
goşgy bilen garyn doýmaz,
gör, bakaly, kim bor ökde?