Pikir ýyldyzy

Sen pikirde gur köpriňi,
geçjek bolsaň derýalardan,
ýa-da ýasan gowy gaýyk,
ýa satyn al, arzan, gymmat,
deşik görüp gurulmadyk,
ýa almadyk gaýygyňda,
gaýgy edip, gorkup, ürküp,
yza tesme çykman ýola,
sen özüňde özüňi gur,
çapalanman saga, sola...

Çünki, niýet öňden gider,
päliň barýar öňüňden seň,
bolar näme pikir etseň,
bolar her zat şükür etseň,
kaýyl bolsaň, kaýyl diýseň,
edenine eden-etdiň,
gelsin diýmän gideniňe,
gitsin diýseň has-da aňryk,
galsyn diýseň ölüp, ýitip,
açjak bolman ýollaryny,
hiç soraman hallaryny,
diňe algyň galan ýaly,
görünmeseň bermelide,
ýa tutmasaň päliň gowa,
görünmeseň görmelide,
giden gider gelip senden,
daşda durar, goňşam bolsa,
sen özüňde özüň düzet,
gur geçidiň, geçjek bolsaň,
gaz içidiň, içjek bolsaň,
ýa gazapdan, göriplikden,
ýigrenjiňden gaýna günde,
dökül suw dek öz oduňa,
ojagyňda öçjek bolsaň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026