Dönüklik duzagy
Taryh diýýär seret, seljer,
gör, Muhammet Kerim ýaly,
garşy duran Bonoparte,
goran ilin, şäherini,
mertebesin iň ozaly,
öňün çekip mertebeliň,
dönüklige taýyn bolsaň,
garyp-gasar milletden däl,
beglerinden iliň ilki,
etjek seni samsyk, gülki,
dowam etdir göreşiňi,
ýurt üçin däl, taryh üçin,
bilen bardyr diýen şahyr,
bahana kän bilmejege,
aýyplajak tapar aýyp,
satjak tapar alyjysyn,
öň satanlar gönenen dek,
atjak kändir oky bolsa,
kändir täjir elmydama,
alyp-satar, hasap ogly,
özüň üçin göreş diňe,
gul üçin däl, iýýän dowly...