Akmak duzagy
Against stupidity the very gods themselves contend in vain. Friedrich Schiller
Näme üçin köpi gören,
ýa köp okan, ýa bilýän kän,
has akylly dymýar asy,
günäkär dek çekilýär-de,
pikirlerin subut edip,
gygyrmaga derek gaty,
näme üçin adamlary
okamagyn bes edýär ol,
kitap ýaly, ýapyk gaty?
Bu bu gün däl, elmydama,
ýa hemişe bolan şeýle,
alym bolan ýaşlygyndan,
başda bolup akyl-huşy,
kän çekişýär diýip eýle,
ýa-da beýle, öz-özüne
güp ynanýan gedem bilen,
bir, iki däl, her ýerde bar,
soňra görýär iň bilimsiz,
iň çöňňäniň, tutan guşy
ütülse-de görmeýänin,
nadaralyk edip, arlap,
gapylan dek gulaklary,
ýa kör ýaly, hasasy ýok,
bilmän haçan ýitrerin,
bilmän nirä gelenini,
ýa nirede galanyny,
özün gözläp gara ýeri,
ýa asmany sermeýänin...
Sen adamy delil bilen,
subutnama bilen urma,
özün ursa hyýal bilen,
diňlemez ol, ret eder,
aýdylşy dek, adamy däl,
hudaýy-da, goý özüne,
sesiň basýan, sözüň kesýän,
wezipeli, wezipeiz,
dogan bolsun, ýa eziziň,
ýa garşydaş, aýa sözüň,
özüň aýa, gara gözüm!..