• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Gara gün

Nazym Hikmet sorapdyr:
“Men ýanmasam,
Sen ýanmasaň,
Ol ýanmasa,
Kim ýagtyldar bu jahany?”

Jogap bermek nire, gaýta
Olar ýanandan gaçdylar,
Göz ýumdular gözden akan ganyna;
Jaň etse, “ýok” diýdirdiler,
Barsa, gelmediler gapyň ýanyna.

“Ýagtyltjak - diýip - jahany,
Ýandyrmasyn – diýip- bizi”,
Tüm garaňky gijä tutdular ýüzi,
Saklandylar, diýmediler hiç haçan
Dile gelen, diýilmeli hak sözi.

Olar ýanandan gorkdular,
Gorkmadylar ýalandan,
Gorkmadylar talaňdan,
Hemem çekildiler ýanandan daşa;
Ýanan söndi, ýanmadyklar yzynda
Gara güni bilen galdy baş-başa...

  • 07.09.2013
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019