Bilmeýän zadyň
Sen adamyň derejesin, pes bolsa,
çen-çakyňdan gaty aşak, çak edip,
eger-eger bilip bilmersiň, gelip,
aýtsalar-da ynanmarsyň, beýle zat
bolup bilmez diýip, oýna salarsyň,
ýöne bir gün geler, gürlände adam,
ýa ýazanda ýazylmajak bir haty,
aşagyna golun çekip ýa çekmän,
gyrasyny görüp, haýran galarsyň,
soň bilersiň bilmeýäniň hiç zady,
maşyn münen, tigir süren her bende,
düşünýändir diýme tutulsa ady.