Surat

Garaşsyzlyk sapagy

Tussaglaryň, syýasy, ak,
ýa birneme düzüw pälli,
ýa çümmedik ogurlyga,
ejeleri tiz garraýar,
kakalary tiz garraýar,
tiz garraýar agalary,
aýal dogan, daýy, daýza
dymýar agyr märekede,
adamlaryň, nähak giden,
tiz ulalýar çagalary.

Tussaglaryň, syýasy, päk,
il susanda sözün aýdan,
aýtjak bolan çydaman, ýok,
bolmaz diýip iki ýüzlä,
çagalary tiz ulalýar,
tiz garraýar ejeleri,
kakalary hassa bolýar,
agram salyp beýnä, başa,
ýüregine agram salyp,
sütem ili tiz çökerýär,
umydyny elden alyp.

Kanun diýýän kiçi dilden,
hudaý diýýän nepi üçin,
ortalykdan uran bende,
başga üçin, hem özüne,
demir gapan guran bende,
ýa içinde karam oýnuň,
adam satyp, satyp ýurdun,
itilse-de bir gün gyra,
ýa tutulyp, basylsa-da,
çagalary otuz ýaşap,
elli ýaşap ulalmaýar,
dowam edýär ata kesbin,
adat boldy urup gaçma,
seresap bol ýurt içinde,
ýa uzakda, syryň açma.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024