Haýatyň beýleki tarapy
Kömek edýän bolsa gygyrsaň gaty,
agza gelen sözi aýdyp, gaýgyrman,
ýa-da bilip, töhmet atsaň adama,
azda bolsa, biraz sowasa içiň,
utanmasaň il-günüňden, ýat, ýakyn,
ogul-gyzym näme diýer diýmeseň,
belki, gygyrmaly zamana geldi,
utanç-haýa, din-imanly adamlar,
toba diýip, birçak amana geldi.
Ýöne ýolda başga biri, gyssanmaç,
öňün kesse, sögýän adam yzyndan,
badyny gowşadyp batly ulagyň,
şükür etse ýeke bolsa maşynda,
has owadan gygyrýandan, idili,
sylar ýaly adam goýman daşynda.