Surat

Dagyň eteginde agaç ekipdim...

Dagyň eteginde agaç ekipdim,
Depipdim düýbüni mum-helim edip.
Arka berip oturjakdym astynda,
Ýeke goýjak däldim ýat ile gidip...

Dagyň eteginde döküpdim derim,
Ýetişip gelýärdi üzümli mellek;
Uly däldi, emma bardy meň ýerim,
Daşyn çöpläp hezil ederdi ellem.

Dagyň eteginde agaç ekipdim,
Suwarypdym arkam bilen suw çekip;
El uzadyp, miwe üzjek şahalam
Gol bulap aglady gidemde çykyp.

Dagyň eteginde agaç ekipdim,
Yzymda guranyn eşitdim bir gün;
Soň meniň ýerimi aldylar gaňryp,
Gutarmajak ýaly göründi sürgün.

Dagyň eteginde agaç ekipdim,
Diňe men däl, kändi miwe iýjekler.
Gördüm, arça ekipdirler ýerine,
Dymma bolup gürlejekler, diýjekler.

Dagyň eteginde agaç ekipdim,
Çagam bilen oýnajakdym astynda;
Ol-a adam eken, miweli bolsa,
Agaja-da gün ýok eken asgyndan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024