Surat

Ýol goşgusy

Ýol ýol bolar, tekiz ýa-da çukurly,
Büdür-südür, tot-tozanly, daş-kesek
Dagdan düşen ýa-da gaýadan gaçan,
Ýola çykan geçmeli hem gitmeli,
Durma ýok tekiz bor ýol diýip haçan?

Ýa-da ol ýolboýy durup, säginip,
Ýol-ýodany soňsuz düzedip bilmez,
Göni gidip bilmez egri ýodadan,
Ýa yzyna gelse, gönüläp gelmez.

Ýola çykan ýol azygyn tutunar,
Tama etmez yzdan ýetişse, gelse;
Oňa “otur, gitme” diýerler, emma,
Geleniň barysy ýoldadyr bilse...

Ýöne kim oturyp, geçýär ýoluny,
Kim gurýar, kim urýar ortalyk maldan;
Ýol ýol bolýar, tekiz hemem adamsyz,
Adam aldap, gaçyp gutulmaz aldan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024