Surat

Ýalňyznama

Saňa näme boldy, soramaz kimse,
Ne günlere düşdüň ýurduňdan gaçyp,
Niçik jebir-jepa saldyň başyňy?
Bilmek islemezler, gyzyklanmazlar,
Sebäp her kim özbaşyna uruşda,
Her kim diňe gyşlajak öz gyşyny,
Hem, başarsa, durmajak bor burçda...

Saňa näme boldy? Haýsy döw çaldy?
Uruldyňmy, çapyldyňmy, öldüňmi?
Dirildiňmi ýene dolanmak üçin,
Galjak bolup, ýa gitmäge geldiňmi?

Başga birne eli degmez adamyň,
Her kim öz derdini bildirjek bolar;
Gürrüň berer, gerekmi ýa bigerek,
Diýýäni: “Men mamla, bimamla olar”.

Goýberesi gelmez ýanyndan hemem
Hetjiklär: “O biri uly mesele!”
Baş atarsyň, “hähin” berersiň, ýöne
Ýolugan ýalysyň emsiz kesele.

Soň hoşlaşyp, öz ýoluňa gidersiň,
Hem özüňe sorag berersiň sessiz:
“Bize näme boldy, nirede galdyk?” -
Pikir etdigiňçe aýylar essiň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024