Çagalygyň öňündäki oýlanma
Adamda hudaý tarapyn
Adalata isleg hemem ynam bolýar ýaşlykda,
Ol olary iki el bilen gorap saklajak bolýar,
Ýellere bermejek bolýar,
Suwlara bermejek bolýar,
Goraýar otdan-ýalyndan,
Ýalandan gorajak bolýar,
Emma gara güýç öňünde
Dyz epmezlik kyn bolýar,
Sebäp adam ýeke galýar
Adalaty islese,
Hakykaty islese,
Gulluk etjek bolsa haka,
Onsoň onyň adalata,
Onsoň onuň hakykata
Gulluk etmek islegi
Ölýär, ýitýär kem-kemden,
Yza çekilende her gün, her ädim,
Ýöne ol ynjalýar, sebäp öňki deý
Hak, hakykat diýip ýakmaýar ädin,
Emma bir gün bir ýaş adam
Galan ýüki ýoldan göterjek bolsa,
Hemem ejiz gelip bukulsa şerden,
Ol bir pursat ýaşlygyna dolanýar,
Hem turaýsam diýýär silkinip ýerden...