Surat

Eger sen meň dogulanym geçirseň...

Eger sen meň dogulanym geçirseň,
Eger sen meň bagyşlasaň ýaşanym;
Kä zatlary aňlanymy geçirseň,
Bagyşlasaň öýe kitap daşanym...

Geçirseň okajak, biljek bolanym,
Bir ýerlere barjak, geljek bolanym,
Ýigrenmeseň, gahar etmeseň soňsuz,
Käte kä zatlary aýdanym üçin,
Ölümimi isläp, urjak bolmasaň,
Göni gelip ýa-da bukdaklap yzdan,
Ýa-da birin ibermeseň taýakly,
Tigirime sokup gaçmaga demir,
Şeýdip maňa nesip etse bir ömür,
Sag-aman gezmäge çaýymy içip,
(galjak ýok, barymyz barýarys geçip),
Pikir etme, diňe maňa ýagşylyk,
Gowulyk edeňok, ilki özüňe
Beýiklik edýärsiň bolaňda beýik,
Sen meni kiçeldip, bolmarsyň uly,
Kişini kemsidip, göwnüňe seýik
Tapyp bolmaz, maňa düşünseň dogry,
Iň ýamany - bolsaň özüňe ogry!

Eger-de sen başarmasaň bagyşlap,
Öldürersiň özüň ýokardan taşlap,
Başganyň däl, öz aýagyň astyna,
Geçir hemem çykma kimsäň kastyna?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019