Ýürek meselesi
Akyl kändir, nakyl kändir,
hasabyna başgalaryň,
ýürekdäki gowulygy,
ene süýdi bilen giren,
öldürmegin özgeleriň
erbetligi üçin, emma
tanap, bilip adamlary,
saklanarsyň ýagşylykdan,
uly, kiçi, ozal göýä,
buýrulan ýa gelen hakdan,
gylyklaryň ýütgär kem-kem,
sen obadan çykmasaň-da,
oba gider çykyp senden,
şäher geler, müň hileli,
adam saňa sapak berer,
nakyllary kakyp, silkip,
açyk eliň uzamaz soň,
sermenersiň jübiň ilki,
sebäp pul däl, bir ýeriň doň...