Gadyrsyz jan

«The person who writes for fools is always sure of a large audience» Arthur Schopenhauer

Ýazanyňy ýazsaň akmaklar üçin,
ýa-da toýa çagyrlanyň bagşysy,
tamadasy bolup, gep-gürrüň etseň,
okyjyň-da, diňleýjiň-de köp bolar,
süri-süri bolup gelerler olar,
agram salma ýüregiňe, beýniňe,
nirede boş söze gülerler olar,
aşyk bolan kemakyl dek özüne,
özün kenek edip sülerler olar,
oýun ýaly durmuş, ömür diýilýän,
ogurlanan wagtyn görmän, sanaman
sagatlaryn, göýä geçmeýän ýaly,
obasy kül, Kap dagynda hyýaly,
ýöne gep olarda däldir, nadana,
ýa-da onuň ýolun saýlap alana,
hem şo ýolda soňuna çen galana
güýmenjejik bolsaň gara gün üçin,
wah, nädeýin, harydyma hyrydar,
alyjy ýok diýip, çalyşsaň bazar,
dükan açsaň nas satanyň ýanynda,
ýazyjy däl, ozan dälsiň, birisiň,
hiç bir gadyr görmedigiň janynda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024