Ýaz ýa ýazma
Ýazmak, diýipdirler, gözlemek mydam,
tapmak däl ol ylgap gözleýän zadyň,
ýa aýtmak däl aýtmak islän zatlaryň,
aýdyp bilmän, uzak bulaşyp çöpe,
belki, yza dolanmazlyk ýoluňdan,
azdan galman gitmek ýapyşyp köpe,
gözlemek ol bilmän gözleýän zadyň,
suwsuz guýy, haksyz, heşdeksiz gazyp,
sogabyň, bir teşne sorasa adyň,
ýazanlaryň bozup, gaýtadan ýazyp,
gahar etme, gül özüňe, ilkinji
ganoraryň bolsun tapmak özüňi,
ýa tanamak biraz gowy öňküden,
dogry, ähli çyrşanyny çap edip,
ýygnalmadyk öý-içerä ýakyn, ýat,
gelen bolsa, çagyrýan hem gözleýär,
birinjilik aljak bolýan mysaly,
ýöne ýazmak ýaryşmak däl garalan
kagyzlaryň sany, tümmegi bilen,
diýipdirler ýazmak agtarmak mydam,
ýaz ýa ýazma, gözläp geçmeli gelen.