Döwlet we adamlar
Döwlet adamlaryň öňünde durýar,
arasynda durýar, doňaklyk bolup,
beýni bolup ölen birçak, belki-de,
tiken bolýar, gyzgan bolýar, dürtüljek,
telefonda gürleşmesin diýýär ol,
okamasyn, açylmasyn gözleri,
galsyn içde aýdylmadyk sözleri,
gorksun, gypjyn-gypjyn ýaşasyn diňe,
ýa manysyz aýdym-saza güýmensin,
ýa-da özi ogry bolsun ömrüni,
sary saman ýaly seçsin, sowursyn,
talaňçysy bolsun wagtynyň özi,
iýýär döwlet, haýyn edip milleti,
öz-özüni saklar ýaly ösüşden,
azat diýýär iller, bermeýär sözi,
aljak bolan iberilýär gelmeze,
haýyn döwlet urýar iliň içinden,
emma görüp, gözüň ýummaly oňa,
göz ýummaly öz ömrüňe, çagaňa,
döwlet adamlaryň öňünde durýar,
arka çykýar özi ýaly dagana...