Aga derdi
Olaryň tas barysyna, okuwly,
pul gerekdi, mal gerekdi tükenmez,
emel ýeten bolsa uly ýa kiçi,
il-ulusy gerek däldi, kanunlar,
ýa ýazylýan zatlar gazet-žurnalda,
köpi ýalan, içinde bar geregi,
ertekidi, satirady, ýumordy,
şondan bary ýeten ýerin ýumurdy,
ogurlady, ýurt daşyna çykardy
ogul-gyzyn, öňden görüp, belki-de,
agtyklary okap ýörler ýokarda,
ösen ýurtda, okap alynýan baha,
sada bolsaň soň tanaýaň iliňi,
din-imanly bolan bolýan, hehe-he,
käbirisi düşüp tora, duzaga,
galýar gara zyndan bolup guçany,
ýöne käsi gidýär örän uzaga,
il dargaýar, ýurt dargaýar, gerek däl,
bir gerek zat - boljak bolmaly aga!