Hakykaty gözleseň
Hakykaty gözleseň,
adalaty yzlasaň,
gözlän ýaly ýok zady,
hiç bolmajak, gelmejek,
işiň agdyk başyňdan,
bolmaz ýaly aýlygyň,
ýa gazanjyň ýeterlik,
gysan, basan köp bolar
çar tarapdan, demiňi
almaz ýaly erkana,
ýalançylar, kezzaplar
ömür sürer görkana,
çekilersiň yzyňa,
gerek bolsa dyzyňa
çöküp, edersiň toba,
sen kimmişiň, ýüz müňläp
dyzyna çöker oba,
şäher halky gul bolar,
çörek nobaty uly,
tans edene pul bolar,
ezijiniň öňünde,
hakykaty gözleseň,
azap iýersiň günde.